Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanlylar onlaýn bilim alýarlar

23:4423.01.2018
0
6413

Türkmenistanyň raýatlary Türkiýäniň Ýunus Emre adyndaky ýokary okuw mekdebiniň internet portaly arkaly daşary ýurt dillerini öwrenmäge mümkinçilik aldylar. Bu ýokary okuw mekdebi türk dilinde onlaýn görnüşde, interaktiw usulda  öwretmäge doly taýýar diýip, ORIENT habarlar agentligi ýazýar.

Okuwlar wideo we audio sapaklary, toparlaýyn çekişmeleri, bäsleşikleri, hat alyşmagy we gürleşmegi öz içine alýar. Portalyň maglumatlaryna görä, häzir onuň 159 döwletden 100 müňden gowrak agzasy bar. Olaryň agramly bölegi bolsa 18 — 34 ýaş aralygyndaky ýaşlardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň