Türkmenistan kassa enjamlarynyň we töleg terminallarynyň eksportuna girişdi

12:5123.01.2018
0
11676

«Berk Ojak» hojalyk jemgyýeti şu ýylyň 10-njy ýanwaryndan başlap, kassa enjamlarynyň we töleg terminallarynyň önümçiligini güýçlendirdi. Bu önümler mundan öň import arkaly ýurdumyza getirilen şeýle enjamlardyr terminallaryň ýerini doly tutup bilýär. Bu ýerde ýörite enjamlaryň her aýda 3-4 müň çemesi önüdürilýär.

2017-nji ýylda ýurdumyzyň ähli söwda nokatlaryny diýen ýaly kassa enjamlary we töleg terminallary bilen üpjün eden hojalyk jemgyýeti indi öz önümlerini Eýrana, Gazagystana we Urugwaýa eksport etmek boýunça gepleşikleri geçirdi. BAE, Müsür we Nepal bilen geçirilen gepleşiklere görä eýýäm ilkinji önümler bu döwletlere ugradylar.

Biziň internet neşirimizde ýakyn günlerde «Berk Ojak» hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan işler barada giňişleýin söhbetdeşlik siz ýetiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň