Soňky habarlar

Arhiw

Röwşen Meredow: "Geçen möwsümdäki yhlasymyz bizi halkara ýaryşa getirdi"

15:4622.01.2018
0
7185

Şu gün, 22-nji ýanwarda "Dordoý" — "Ahal" duşuşygynyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahaty geçirildi. Žurnalisleriň sowallaryna ilki bolup jogap beren "Ahalyň" baş tälimiçisi Röwşen Meredow, esasan, toparlaryň taýýarlygyna ünsi çekdi.

— Garşydaşlarymyza garanyňda, bize bu ýaryşa taýýarlanmak üçin wagt ýeterlik bolmady — diýip, "Ahalyň" baş tälimçisi munuň sebäbini düşündirdi. — Biziň çempionatymyz Gyrgyzystanyň çempionatyndan soň tamamlandy. Futbolçylar möwsüm tamamlanandan soň, bary-ýogy bir hepde dynç alyp bildiler. Ýöne, mümkin boldugyndan, kän türgenleşmäge synanyşdyk. Geçen möwsüm biziň üçin kyn geçdi. Muňa garamazdan, biz täze möwsüme ruhubelent ýagdaýda girişdik. Esasy zat, futbolçylarymyz täze möwsümde halkara ýaryşa gatnaşýandyklary üçin şat, biziň maksadymyz gowy oýnamak we ýaryşy dowam etdirmek. Munuň üçin öz meýilnamamyzy taýýarladyk. Gynansakda, biz Bişkege doly düzümde gelip bilmedik, munuň asyl sebäbini aýtmakdan bolsa saklanýaryn. Şeýle-de bolsa, maksat maksatlygyna galýar — toparça düşmek. Bu bolsa diňe bir oýun bilen çözülmeýär, biziň öňümizde Türkmenistanda geçiriljek ýene bir duşuşyk bar.

— Geçen möwsüme biz AFK-nyň kubogyna gatnaşmak maksady bilen girişdik, yhlasymyz bilen bu maksada hem ýetdik — diýip, baş tälimçi sözüni dowam etdi. — Möwsümiň ahyryna çenli futbolçylarymyz kemsiz tejribe toplady, şonuň netijesinde-de täze möwsümde geçen ýylka görä-de gowy çykyş ederis diýip umyt bildirýäris. Häzirki wagtda toparda dostluk ruhy höküm sürýär. Geçen ýylyň netijeli geçendigini bolsa topardaky käbir üýtgeşmeler hem görkezýär. Ýakynda merkezi hüjümçimiz Belarusyň bir topary bilen şertnama baglaşdy. Şeýle-de, geçen möwsümdäki merkezi goragçylarymyzyň biri bu ýyl daşary ýurtda (Indoneziýada — TP) çykyş eder. Olaryň ornuna biz topara bir hüjümçi bilen bir ýarym goragçy goşduk. Olaryň tejribesi toparymyza kömek berer.

— Garşydaşlarymyz barada şulary aýdyp bolar: geçen bir ýylyň dowamynda "Dordoý" toparynda ep-esli özgerişlik we öňe gidişlik bolup geçdi. Topar geçen ýylkydan gowy oýun görkezýär, bu bolsa bizdenem uly jogapkärçiligi talap edýär. Maňa "Dordoýyň" oýny ýaraýar — Röwşen Meredow sözüni jemledi.

Baş tälimçiniň pikirlerini dowam eden Orazberdi Myradow:

— Biz ýaryşa taýýar, garşydaşa bolsa çäksiz hormat goýýarys. Olara kembaha garamak bolmaz — diýip, žurnalistleriň özüne gönükdiren sowalyna jogap berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň