Soňky habarlar

Arhiw

"Dordoý" gök-sary, "Ahal" ak köýnekçede çykyş eder

14:1622.01.2018
0
6255

Şu gün Bişkek şäheriniň "Maryotel" myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyrynyň "Dordoý" — "Ahal" duşuşygynyň öňüsyrasynda maslahat boldy. Onda duşuşygyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda toparlaryň meýdanda çykyş etjek köýnekçeleri belli edildi. Duşuşykda "Dordoý" gök-sary reňkdäki, "Ahal" bolsa ak köýnekçede (derwezewan — sary) çykyş eder.

Duşuşyk ertir ýerli wagt bilen 15:00-da "Dordoýyň" öz stadionynda geçiriler.

Habaryň çeşmesi: http://fc-dordoi.kg

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň