Türkmen telewideniýesinde AFK kubogynyň "Ahal" — "Dordoý" duşuşygy barada gepleşik berilýär

11:0622.01.2018
0
2471

Türkmenistanyň “Sport” teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde taýýarlan “Türkmen futboly” gepleşiginiň nobatdakysy ýaýlyma goýberiler.

22-nji ýanwarda ýaýlyma beriljek gepleşikde  ýakynda tamamlanan ýurdumyzyň futbol çempionatynda ikinji orna mynasyp bolan “Ahal” toparynyň AFK kubogynyň deslapky tapgyrynda gyrgyzlaryň “Dordoý” topary bilen geçirjek duşuşygy dogrusynda gürrüň ediler.

Gepleşigiň dowamynda “Ahalyň” taýýarlyk işleri, hem-de “Dordoýyň” wajyp oýnuň öňüsyrasy düzümini näderejede güýçlendirendigi barada pikir alşylar.

Şeýle-de, gepleşikdeTürkmenistanyň Futbol federasiýasynyň futbol janköýerlerine ýerli futbol baradaky habarlary gyzgyny bilen ýetirmek maksady bilen döreden “tff.com.tm” saýtynyň alyp barýan işi hakynda hem futbol janköýerlerine düşündiriş berler.  

Türkmenistanyň futbol çempionatyny ikinji hatarda tamamlan “Ahal” topary AFK kubogynyň seçip-alyş tapgyrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäheriniň “Dordoý” topary bilen birinji duşuşygyny 23-nji ýanwarda Bişkekde geçiriler.

Çeşme: tff.com.tm.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň