Mukamlar köşgünde “Beýik Ýüpek ýoly” atly maslahat geçirildi

03:2921.01.2018
0
9137

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Beýik Ýüpek ýoly” atly maslahat geçirildi. Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda Beýik Ýüpek ýolunyň halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrýan hadysa hökmünde wagyz edilmegine aýratyn üns berildi. Bu mowzuk döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan—Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda milli taryhymyzdan dürli wakalaryň, gadymy rowaýatlaryň, ýurdumyzyň häzirki durmuşyndaky wakalaryň mysalynda düýpli açylyp görkezilýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň