Kaka etrabynda täze çaga doguş saglyk öýüniň düýbi tutuldy

22:5120.01.2018
0
14894

Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde 20 orunlyk çaga dogrulýan bölümiň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Dabara etrap häkimliginiň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Olary täze durmuş desgasynyň düýbüniň tutulmagy bilen gutlamaga Mejlisiň deputatlary geldi.

Täze guruljak lukmançylyk bölümi Duşak şäherçesiniň, Şükürbagşy obasynyň hem-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne we Çäçe obalarynyň ilatyna hyzmat eder. Bu saglyk desgasyny döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Täze guruljak bölümde kabul ediş we barlag geçiriş otaglary; bäbegiň ýagdaýyny durnuklaşdyrmak üçin enjamlaşdyrylan intensiw otag; gyssagly akuşerçilik kömek üçin Intensiw otag; operasiýa otagy we operasiýadan öňki otag; barlaghana otagy; EKG we USB otagy; zenanlary antenatal ideg we ene süýdi boýunça okatmak üçin okuw otagy; lukmanlar üçin otag bolar.

Jemgyýetçiligiň wekilleri hem öz çykyşlarynda halkyň saýlanlarynyň – Mejlisiň deputatlarynyň milli Liderimiziň özgertmelerini öňe ilerletmekde hem-de ýerlerde durmuş meseleleriniň çözülmeginde goşandyny bellediler. Munuň şeýledigine Duşak şäherçesindäki düýbi tutуlan täze lukmançylyk edarasy aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle edaranyň döredilmegi parlamentde Ahal welaýatynyň 24-nji saýlaw okrugynyň ýaşaýjylarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän Serdar Berdimuhamedowyň yhlaslylygyny hem-de maksadaokgunlylygyny talap etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň