Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DHÇMB söwdalarynda pagta önümleri öňdeligi eýeledi

22:3320.01.2018
0
4536

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Litwadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler arassalanan pagta ýagyna, nah ýüplüge we aşgarlanmadyk mata isleg bildirdiler. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 242 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Niderlandlaryň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 16 million 494 müň manatdan gowrak zynjyrly ekskawatorlary, şeýle hem arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 50 müň manatdan gowrak nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň