Türkmenistanda türkmen halysynyň güni bilen dokma işgärleriniň hünär baýramçylygy birleşdirildi

23:2219.01.2018
0
11054

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güniniň baýramyny birleşdirmek baradaky teklibi goldady. 

Senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer M.Aýdogdyýewiň habar berşi ýaly, şu ýyl hünär baýramçylyklary mynasybetli haly we dokma önümleriniň ýöriteleşdirilen halkara sergileriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Pudaklaryň işlerini kämilleşdirmek maksady bilen Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň baýramyny Türkmen halysynyň we dokma swenagatynyň işgärleriniň güni hökmünde bellemek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde dokma senagaty we haly pudaklarynyň işgärleriniň möhüm goşandynyň bardygyny belläp, ýokary hilli dokma hem-de türkmen eksportunda esasy orun eýeleýän nepis el halylaryň önümçiligindäki ýokary netijeleri gazanmak boýunça uly üstünlikleri gazanýan pudagyň işgärleriniň baýramçylygynyň - “Türkmen halysynyň we dokma senagaty işgärleriniň gününiň” maý aýynda bellenilse maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň