Soňky habarlar

Arhiw

Azat Hajypoladow futzal boýunça Aziýa çempionatynyň oýunlaryna eminlik eder

17:4519.01.2018
0
1409

Türkmenistanyň Futbol boýunça federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, türkmenistanly FIFA-nyň emini Azat Hajypoladow 1-11-nji fewralda Hytaý Taýpeýinde futzal boýunça geçiriljek Aziýa çempionatynyň oýunlaryna eminlik eder.

Türkmen emini ýakynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpurda geçirilen seminarda teoretiki hem-de fiziki synaglardan üstünlikli geçeninden soň abraýly ýaryşda eminlik etmäge mümkinçilik aldy.

Futzal boýunça Aziýa birinjiligi 1-11-nji fewral aralygynda Taýbeý (Hytaý Taýpeýi) şäherinde geçiriler

Bije çekişligiň netijesi:

— «А» toparça: Hytaý Taýpeýi, Wýetnam, Malaýziýa, Bahreýn;

— «В» toparça: Özbegistan, Ýaponiýa, Täjigistan, Günorta Koreýa;

— «C» toparça: Eýran, Yrak, Hytaý, Mýanma;

— «D» toparça: Taýland, Gyrgyz Respublikasy, Liwan, Iordaniýa.

Çempionatyň geçiş tertibine laýyklykda, toparlaýyn bäsleşikde ilkinji iki orny eýelän ýygyndy çärýekfinalda bäsleşmäge hukuk gazanýar.  

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň