Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň täze reýtinginde 114-nji basgançakda

17:4219.01.2018
0
1276

18-nji ýanwarda FIFA-nyň reýtingi täzelendi. Onda 292 utugy bolan Türkmenistanyň milli ýygyndysy eýeleýän 114-nji ornuny saklap galdy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryndaky soňky garşydaşy Bahreýniň milli ýygyndysy 264 utuk toplap, 122-nji orunda ornaşypdyr. Mundan öňki çap edilen sanawda Bahreýniň ýygyndysy 115-nji orny eýeleýärdi.

FIFA-nyň täzelenen sanawynyň ilkinji bäşligi üýtgewsiz galdy. Sanawyň ilkinji bäşligini Germaniýanyň, Braziliýanyň, Portugaliýanyň, Argentinanyň hem-de Belgiýanyň milli ýygyndylary eýeleýärler.

Geçen aýda iň köp ösüş gazanany Kuweýtiň milli ýygyndysy boldy. 15 basgançak ösüş gazanan bu ýygyndy täzelenen sanawda 174-nji orny eýeleýär. Iň pes netije görkezeni bolsa 32 basgançak aşak düşüp, 160-njy orna geçen Surinamyň milli ýygyndysy boldy.

FIFA-nyň indiki sanawy 15-nji fewralda çap ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň