Soňky habarlar

Arhiw

35 ýaşly goragçy Geldimyrat Garahanow karýerasyny tamamlady

17:3419.01.2018
0
1726

Balkanabat şäheriniñ "Balkan" (“Nebitçi”)  futbol toparynyñ goragçysy 35 ýaşly Geldimyrat Garahanow futbolçylyk karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Geldimyrat Garahanowowyň birrnäçe ýylyň dowamynda futbol boýunça Türkmenistanyñ milli ýygyndysynyñ düzüminde çykyş edendigini hem ýatladýarys.

G.Garahanow professional futbola "Balkan" toparynda girişdi. 2000-nji ýyldan 2006-njy ýyla çenli bu toparda çykyş eden goragçy, 2007-nji ýylyň futbol möwsümini Özbegistanyň "Metallurg" toparynda geçirdi. Soňra ýene 2008-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli "Balkanda", 2013-nji ýylda "Merwde", 2014-2015-nji ýyllarda "Şagadamda" futbol oýnady. Ol karýerasyny futbola başlan toparynda — "Balkanda" jemledi.

Dört gezek ýurdumyzyň çempiony bolan G.Garahanow şonça gezek hem Türkmenistanyň kubogyny gazandy. Futbolçynyň karýerasynda ýurdumyzyň Naýbaşy kuboklarynyň hem üçüsi bar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň