Soňky habarlar

Arhiw

Belarus Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär

17:1419.01.2018
0
6182

Belarus Respublikasy Türkmenistan bilen awtoulag we oba hojalyk tehnikalary babatdaky hyzmatdaşlygyny dikeltmek isleýär. Munuň üçin belarus hünärmenleri Aşgabatda duşuşyklary geçirdiler diýip, ORIENT habarlar agentligi ýazýar.

Belarus hünärmenleriniň hyzmatlary diňe bir bu iki ugur boýunça hyzmatdaşlyk bilen çäklenmeýär. Olar liftleri oturtmak, awtoulaglaryň ätiýaçlyk enjamlary babatynda hem hyzmatdaşlyga meýil bildirýär. 

Belarus Respublikasy Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaş döwletleriniň biri. Ýurduň kärhanalary öz tehnikalaryny Türkmenistanyň tebigy we toprak şertlerine görä öndürýärler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň