Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Aziýanyň demir ýol ulgamyna möhüm halka hökmünde goşulyşýar

05:3319.01.2018
0
9224

Şu hepdede, sişenbe güni Türkmenistandan Akýaýla demir ýol menziliniň üsti bilen Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça synag gatnawyny amala aşyrýan düzümleriň tapgyryndan üçünji konteýner ýük düzümi Eýrana ugrady. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýol boýunça ilkinji şeýle demir ýol düzümi türkmen-eýran serhedinden 8-nji ýanwarda, şondan birnäçe gün soň, 12-nji ýanwarda ikinjisi geçdi.

Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň üstaşyr mümkinçilikleri daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni özüne çekýär. Olaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy hem bar. Hytaýyň dürli etraplaryndan geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyryndan başlap, halkyň sarp edýän harytlary ýüklenen konteýner wagonlarynyň 130-dan gowragyny birleşdirýän demir ýol düzümleriniň 3-si ugradyldy.

Demir ýol düzümleri yzly-yzyna ilki bilen Inçuan şäherinden (HHR-iň merkezi bölegindäki awtonom sebitden), soňra bolsa Hytaýyň günorta bölegindäki iri senagat merkezi bolan Çanşa şäherinden (Hunan welaýaty) hem-de ýurduň demirgazygyndaky Şansi welaýatynyň Sian şäherinden ugradylar.

Olar Gazagystanyň çäginden Serhetýaka türkmen menziline çenli üç günüň dowamynda ýol sökdüler, soňra 15 sagadyň dowamynda tutuş Balkan welaýatynyň çäginden Eýranyň serhedine çenli 825 kilometr ýoly geçdiler.

Şeýlelikde, Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol ugry boýunça umumy geçilen ýol iki hepdä golaý boldy. Munuň özi ortaça deňiz arkaly geçilýän ýoldan iki esse çaltdyr. Deňiz arkaly ýoly geçmek üçin 30 gije-gündizden 40 gije-gündize çenli wagt gerek bolýar.

Bilermenleriň pikirine görä, dört ýurduň çäginden uzalyp gidýän bu ýol ýükleri Hytaýdan Pars aýlagynyň bazarlaryna çalt getirmekde has amatly logistiki çözgüt bolup durýar. Galyberse-de, ulaglaryň beýleki görnüşlerinden demir ýoluň artykmaçlygy gatnawlary islendik howa şertlerinde amala aşyryp bolýandygyndan, guryýer konteýner ugurlarynyň ýokary ygtybarlylygyndan hem-de köp mukdarda ýük daşalanda tygşytlylykdan, şeýle hem daşky gurşawa edilýän täsir nukdaýnazaryndan ekologiýa kadalarynyň berk berjaý edilmeginden ybaratdyr. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň üstaşyr özüne çekijiligini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýet berýär.

Synag gatnawlary hytaýly ýük ugradyjylara Türkmenistanyň üstünden geçýän üstaşyr geçelgeleri ulanmak bilen, ýoly gysgaltmagyň hem-de ýük daşamagyň bahasyny azaltmagyň hasabyna köp möçberdäki serişdeleri tygşytlap biljekdiklerine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, Ýewraziýanyň ýurtlarynyň iri söwda hyzmatdaşy hökmünde Hytaý Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluna beýleki goňşy döwletleri hem goşmaga gyzyklanma bildirip, bu ulgamda täze gepleşikleriň başyny başlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň