Soňky habarlar

Arhiw

Parlamente we sebitleýin halk maslahatlaryna saýlanmak boýunça saýlaw toparlary döredildi

04:5319.01.2018
0
4667

Türkmenistan—möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň—Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň öňüsyrasynda. Bu saýlawlar 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriler.

Türkmenistan boýunça Mejlisiň jemi 125 deputaty saýlanylar. Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 240-sy, ýagny, her welaýatda we Aşgabat şäherinde 40-sy döredildi. Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça her etrapda we şäherde 20 saýlaw okrugy—jemi 1200 saýlaw okrugy: Ahal welaýatynda-160, Balkan welaýatynda-260, Daşoguz welaýatynda-220, Lebap welaýatynda - 220, Mary welaýatynda-260, Aşgabat şäherinde 80 okrug döredildi hem-de olaryň çäkleri kesgitlenildi.

Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň ilkinji guramalarynyň, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de birleşikleriniň, ýurdumyzyň raýat toparlarynyň mejlislerinde saýlaw toparlarynyň düzümlerine iň mynasyp dalaşgärler hödürlenildi. Saýlaw toparlarynyň düzümine öz wekillerini hödürlemek boýunça iş maslahatlary we ýygnaklar guraldy. Şol wekilleriň köp bölegi halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hünärmenleridir.

Duşuşyklara gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, öňde boljak saýlawlar bäsdeşlik, aýdyňlyk we açyklyk ýörelgelerinde geçip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda başy başlanan ösüşlere beslenen özgertmeleriň üstünliklidiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

Degişli saýlaw toparlarynda okrug saýlaw toparlarynyň täze saýlanan agzalaryna tassyklanan nusgadaky şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Mejlisiň deputatlarynyň hem-de Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda welaýat, etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň agzalary üçin geçirilen okuw maslahatlary oňa gatnaşyjylara milli saýlaw kanunçylygyndaky üýtgetmeler hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksindäki üýtgetmeler we goşmaçalar, öz wezipe borçlary hem-de öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen has doly tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Bu saýlaw möwsümi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň