Soňky habarlar

Arhiw

Yslamabatda Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda daşary işler ministrleriň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi

03:4218.01.2018
0
3264

14-16-njy ýanwarda Yslamabatda Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleriň derejesinde geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda hökümetara gatnaşyklaryny ösdürmegiň we ikitaraplaýyn hökümetara toparynyň işiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Pakistan tarapyna ýurduň Daşary işler ministri Khawaja Muhammad Asif ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň gün tertibine hökümetara gatnaşyklaryny ösdürmegiň we ikitaraplaýyn hökümetara toparynyň işiniň meseleleri goşuldy. Halkara we sebitleýin, şeýle hem häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki hereketleri işjeňleşdirmegiň meseleleri boýunça işjeň pikirleri alşyldy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gazgeçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny we beýleki wajyp bilelikdäki taslamalaryny, hususan hem, elektroenergetika we aragatnaşyk, ulag-kommunikasiýa çygyrlarynda durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi, diýip Türkmenistanyň DIM-i belleýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň strategik ähmiýeti barada aýdyp, taraplar ýokary derejedäki saparlarynyň ähmiýetini bellediler. Syýasy hyzmatdaşlygyň meselelerine garamak bilen, geljekde halkara guramalarynyň çäginde gatnaşyklary utgaşdyrmakda gyzyklanma bildirdiler.

Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriniň ahyrynda Diplomatik pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti saparyň dowamynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Hüsseýn, Pakistanyň Premýer-ministri Şahid Hakkan Abbasi, Pakistanyň Meýilleşdiriş toparynyň Başlygynyň orunbasary Sartaj Aziz we Pakistanyň  nebit boýunça döwlet ministri Jam Kamal Han bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary geljekde ösdürmeklige gyzyklanma bildirilip, syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarynda özara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäginde türkmen wekiliýetiniň agzalary Pakistanyň döwlet we hususy edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklary geçirip, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we geljekki özara gatnaşygyň meýillerini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň