Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti harby-howa enjamlarynyň döwrebap nusgalary bilen tanyşdy

02:1418.01.2018
0
8492

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň bölümleriniň birinde baryp, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň goranmak ministri Ý.Berdiýew hormatly Prezidentimize Harby-howa güýçleriniň düzümleriniň harby bölümlerindäki işleriň ýagdaýy, milli goşunymyzyň kuwwatynyň we goranyş ukybynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen iri möçberli harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra döwlet Baştutany täze harby dikuçara münüp, ýurdumyza gelip gowşan täze harby tehnikanyň mümkinçiliklerini hut özi synap görmek üçin ony ussatlyk bilen dolandyrdy. Belent Serkerdebaşymyz gönüden-göni uçuşyň barşynda häzirki zaman kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen dikuçaryň ýokary tehniki häsiýetnamalaryny barlady, bu enjamlar bu söweşjeň maşynyň harby-taktiki mümkinçiliklerini birnäçe esse ýokarlandyrýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň