Ahal welaýatynda bezeg agaçlary we güller üçin ýyladyşhana işe girizildi

23:5717.01.2018
0
9521

Ak bugdaý etrabynda 10 gektar meýdany bolan bezeg agaçlaryny we gülleri ösdürip ýetişdirmäge niýetelenen ýyladyşhana işe girizildi. Ýyladyşhanany Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň buýurmasy boýunça “Dört paslyň berekedi” hususy kärhana gurdy. Öňdebaryjy agrotehnologiýalary ulanmak esasynda gurlan bu desga ýylyň ähli paslynda we dürli howa şertlerinde bezeg ösümliklerini ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berer. 

Häzirki döwürde diňe Aşgabadyň özünde 50-den gowrak seýilgäh toplumlary bolup, olarda ösümlikleriň 120-den gowrak görnüşi ösýär. Täze ýyladyşhana hojalygy paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň hem ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak üçin zerur bolan bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek wezipesini öz üstüne alýar.

Bu ýerde saýaly we miweli agaçlaryň dürli görnüşleriniň nahallary, köpýyllyk we möwsümleýin güller, ýerli hem-de Türkmenistana täze getirilen ösümlikler ösdürilip ýetişdiriler. Ýyladyşhananyň tehniki-ykdysady görkezijilerine laýyklykda, bu ýerde her ýylda ýarym milliondan gowrak ösümlik ösdürip ýetişdirmek mümkinçiligi bar. Ol ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän bezeg agaçlaryna bolan islegleri doly kanagatlandyrar we geljekde uly islegden peýdalanýan ösümlikleri daşary ýurtlara eksport eder.

Şeýle hem ýyladyşhananyň çäginde agaç nahallaryny we gülleri oturtmak üçin niýetlenen küýzejikleriň sagatda 120-sini çykarmaga ukyply önümçilik sehi, taýýar önümleri saklamaga niýetlenen ammarlar guruldy.

Ýyladyşhananyň ýylyň ählli paslynda işlemäge ukyply bolmagy üçin bu ýerde 100-e golaý täze iş orunlary üpjün ediler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň