Soňky habarlar

Arhiw

Orazsähedow bilen Geldiýew täze möwsümde Belarusyň çempionatynda çykyş edip biler

12:1515.01.2018
0
2867

Toparyň "Wkontakt" sosial torundaky resmi däl sahypasynda we Täjigistanyň "Sputnik" habarlar merkeziniň saýtynda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň iki futbolçysynyň — hüjümçi Wahyt Orazsähedowyň we ýarym goragçy Serdar Geldiýewiň Belarusyň "Smolewiçi-STI" toparyna geçendigi habar berilýär.

Türkmen okyjylaryna bu futbolçylary tanyşdyryp oturmagyň hajaty hem ýok. Olaryň ikisi hem geçen möwsümde Türkmenistanyň çempionatynda toparlarynyň üstünlikli çykyş edip, AFK-nyň kubogyna gatnaşmagynda uly orny eýeledi. W.Orazsähedow bilen S.Geldiýewiň täze möwsümde çykyş etjek topary bolsa geçen ýyl Belarusyň Birinji ligasyny ikinji orunda tamamlap, Ýokary ligada çykyş etmäge hukuk gazandy. Diýmek, türkmen futbolçylarynyň ýene-de ikisi Belarusyň çempionatynyň täze möwsüminde bu ýerde ozaldan futbol oýnap ýören Merdan Gurbanow bilen birlikde bir çempionatda oýnap biler.

Türkmen futbolçylarynyň topara transferi barada toparyň resmi saýtynda entek habar berilmeýär. Umuman, toparyň resmi saýty şu günler täzeleniş ýagdaýynda. Toparyň "Wkontaktdaky" resmi däl sahypasynda 9-njy ýanwarda ýerleşdirilen habarda 10-njy ýanwardan başlap, bu iki futbolçynyň topara goşuljakdygy aýdylýar. Toparyň resmi saýtyndaky iň soňky habar bolsa 10-njy ýanwarda goýlupdyr. Onda diňe toparyň tälimçiler düzümi barada habar berilýär. Saýtda toparyň täze möwsümdäki düzümi barada hem entek maglumat ýok. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň