Türkmenistanda tans sporty boýunça reýting ýaryşy geçirilýär

23:5314.01.2018
0
8203

"Dostlaryň duşuşygy — 2018", ine, şeýle at bilen Aşgabatda sport tanslary boýunça reýting ýaryşy geçirilýär. Sportuň şu görnüşi boýunça milli federasiýanyň guramagynda geçirilýän ýaryşa tejribeli türgenler hem, tans sportuň täze wekilleri hem gatnaşýar.

Dürli ýaşlardan bolan gatnaşyjy toparlar köp sanly tans hereketlerini ýerine ýetirmek boýunça ukyplaryny görkezdiler. Has takygy, çagalar polka, disko we haýal wals, ulular bolsa ça-ça-ça, rumba, sambo we jaýw boýunça bäsleşdiler. Ýetginjek tansçylaryň arasyndaky ýaryşda Alina Çerwinskaýa taý tapylmady. Ikinji orny Waleri Ruhlýadko, üçünji orny bolsa Anastasiýa Mihaýlowa eýeledi.

Ýaryş tomaşaçylarda-da uly gyzyklanma döretdi. Arakesmede tejribeli tälimçiler Irina Dawidowiçiň we Aleksandr Sisekiniň şägirtleriniň görkezme çykyşlary guraldy.

Tans sporty Aşgabatda üstünlikli geçirilen Aziýa oýunlaryndan soň, Türkmenistandaky ikinji ösüşine gadam goýdy. Mälim bolşy ýaly, türkmen paýtagtynda geçirilen yklym ýaryşynda A.Sisekin we W.Nepomnýaşaýa jübüti bürünç medala mynasyp bolupdylar. Olar bu üstünligi salsa tansy boýunça gazandylar. Ýaryşda birinji we ikinji orny bolsa wýetnamly we gonkongly tansçylar eýeledi.

"Dostlaryň duşuşygy — 2018-de" Aşgabat Aziadasynyň bürünç medalçylary eminler toparynyň düzüminde boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň