Amir Gurbani "Dordoýyň" düzüminde ilkinji goluny geçirdi

14:1414.01.2018
0
6584

Gyrgyzystanyň "Dordoý" futbol topary Türkiýede geçirýän okuw-türgenleşiginiň çäklerinde ýurduň birinji ligasynda çykyş edýän "Elazigspor" topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda “Dordoýyň” ýeke-täk goluny toparyň türkmen legioneri Amir Gurbani öz adyna ýazdyrdy. Geçen möwsümi Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamynda” geçiren Amir Gubaniniň “Dordoýyň” düzümine möwsümiň öňüsyrasy goşulandygyny ýatladýarys.

Türkiýäniň birinji ligasynda çykyş edýän “Elazigspor” topary häzirki wagtda ýaryş tablisasynda 9-njy orny eýeleýär.

Ýeri gelende aýtsak, “Dordoýyň” AFK kubogynyň seçip-alyş tapgyryndaky garşydaşy geçen ýyl Türkmenistanyň futbol çempionatyny ikinji hatarda tamamlan “Ahal” topary bolar. Seçip-alyş duşuşygynyň birinjisi 23-nji ýanwarda Bişkekde, jogap oýny bolsa 30-njy ýanwarda Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň