Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Agrar partiýasyna täze ýolbaşçy bellenildi

22:4513.01.2018
0
9506

Aşgabatda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýy boldy. Onda döwletimiziň giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu syýasy guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurultaýa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden 500-den gowrak wekil gatnaşýar. Şeýle hem oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdelerniň wekilleri, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Agrar partiýanyň işjeň agzalary obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilýän döwlet goldawynyň we ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Obasenagat toplumy üçin dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap traktorlary, kombaýnlar, ekiş gurallary we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiliginiň, suwaryş ulgamynyň gowulandyrylmagy, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, täze tarp ýerleriň özleşdirilmegi, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, gök ekerançylykda we maldarçylykda tohumçylyk işiniň ösdürilmegi boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar.

Häzirki döwürde Agrar partiýasy öz hatarlaryna obany hemmetaraplaýyn ösdürmäge höwesli bolan oba hojalyk hünärmenlerini çekýär. Olar ekerançylyk meýdanlarynda we pudagyň beýleki ugurlarynda netijeli zähmet çekmek bilen, oba hojalyk kärhanalarynyň netijeli dolandyrylmagy, bu ugra öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy babatda tagalla edýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ýaş syýasy hereketiň işjeň agzalarynyň hem-de häzirki gurultaýyň wekilleriniň öňde durýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşjakdygy bellenildi.

Gurultaýda guramaçylyk meselelerine garaldy. Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna şu partiýanyň Mary welaýat komitetiniň ýolbaşçysy wezipesinde işlän B.Annagurbanow saýlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň