Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

13:2813.01.2018
0
1370

24-26-njy ýanwarda Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Hökümetiň mejlisinde bu döredijilik çäresini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada wise-premýer A. Garajaýew hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, belarus medeniýetiniň günleri iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň arasynda 2017-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda hem-de türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. 

Çäräniň maksatnamasy Belarus Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konsertini, fotosergini, kinolaryň görkezilişini, döredijilik intelligensiýasynyň duşuşyklaryny özünde jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň