Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Agrar partiýanyň nobatdan daşary III gurultaýyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

10:3813.01.2018
0
5614

Sizi Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn ähmiýetli wakalaryň birine öwrüljek bu gurultaýyň ýokary derejede we örän netijeli geçiriljekdigine berk ynanýaryn!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny sazlaşykly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Pudaga iri möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär, netijede bu ugurda ýurdumyzyň sebitleri çalt depginler bilen ösdürilýär. Ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini önümçilige ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar.

Biz babadaýhanlarymyzyň öndürijilikli işlemekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli şertleri döredýäris. Ekin meýdanlaryny işläp bejermekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan kämil, dünýäniň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn alýarys.

Topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen daýhanlarymyz ýeňillikli bahalardan doly üpjün edilýär.

Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan önümler üçin hasaplaşyklar hem öz wagtynda geçirilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň ýokary öndürijilikli zähmet çekmeklerine we ene toprakdan oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmeklerine uly ýardam edýär.

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Şonuň bilen bir hatarda, döwletimiz tarapyndan hususy önüm öndürijileriň netijeli işlemekleri üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi netijesinde, oba hojalygynda olaryň tutýan paýy ýylsaýyn artýar. Watan harmanyna galla we pagta tabşyrmak boýunça gazanylýan uly üstünlikler, içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply, dürli görnüşli, ýokary hilli azyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak babatda ýetilýän belent sepgitler hem-de ykdysady, medeni-durmuş taýdan sazlaşykly ösüşler jemgyýetimizi barha jebisleşdirýär, beýik geljegimize bolan ynamy has-da artdyrýar.

Beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ak ýoly bilen öňe barýan eziz Watanymyzda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimizde agzybirligi, jebisligi berkitmekde, daýhanlarymyzy täze zähmet üstünliklerine galkyndyrmakda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň alyp barýan işleri örän guwandyrýar. Bu partiýanyň döredilen gününden bäri geçen gysga döwrüň içinde döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda raýatlaryň bähbitlerine mynasyp wekilçilik etmek, milli kanunçylygymyza laýyklykda saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmak arkaly Türkmenistanyň Agrar partiýasy giň halk goldawyna hem-de uly abraýa eýe boldy.

Hormatly partiýa agzalary!

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, halkymyzyň halal zähmeti, jemgyýetimiziň agzybirligi we jebisligi netijesinde, oba hojalyk pudagy hem toplumlaýyn üýtgedilip gurlar. Ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etjek kuwwatly önümçilik, durmuş we inženerçilik ulgamlary hem-de täze iş orunlary dörediler. Hojalygy ýöretmegiň döwlete dahylsyz we garyşyk pudaklarynyň binýadynda oba hojalyk ylymlary ösdüriler. Innowasiýalar, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar, menejmentiň hem-de marketingiň öňdebaryjy usullary önümçilige giňden ornaşdyrylar.

Şonuň bilen birlikde, iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alýan ekerançylyk we maldarçylyk medeniýetimizi döwrebaplaşdyrmak — ýokary hilli azyk önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak arkaly dünýäde parahatçylygy, dostlugy, durnuklylygy, hoşniýetli goňşuçylygy we bagtyýarlygy alamatlandyrýan Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldiler. Bu wezipeleri ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzalarynyň döredijilikli hem-de netijeli işleri alyp barjakdyklaryna berk ynanýaryn!

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!
Hormatly partiýa agzalary!

Sizi Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynyň geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin — diýip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň