Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

10:2013.01.2018
0
9528

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň barşynda möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem garaldy.

Has takygy, mejlisde

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň işi, şol sanda Döwlet etalon merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ony häzirki zaman serişdeleri bilen enjamlaşdyrmak, bu ulgamda kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek; 

Türkmenistanyň «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk;

ýangyç-energetika toplumyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan taýýarlanylan “Sergiler merkezini” gurmagyň taslamasy;

ýurdumyzyň oba hojalyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işler;

Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda «Türkmen aýna önümleri» täze kärhanasyny işe girizmäge taýýarlyk görlüşiniň barşy;

Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň barşy;

ýurdumyzda Internet ulgamyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler we beýleki meseleler boýunça hasabatlar diňlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň