Soňky habarlar

Arhiw

“Amul — Hazar 2018” atly halkara awtoralli geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi

09:4213.01.2018
0
10771

Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we döwrebap ähmiýetini, ýurdumyzyň arheologik hem-de medeni-taryhy ýadygärliklerini, medeni mirasymyzyň we maddy gymmatlyklarymyzyň taryhy ähmiýetini hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Amul — Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Amul — Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmegiň tertibini bir aý möhletde işläp taýýarlamak we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary bilen ylalaşyp tassyklamak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň