Soňky habarlar

Arhiw

Sahara çölünde bassyr ikinji ýyl gar ýagdy

08:3610.01.2018
0
1954
“Bassyr ikinji ýyl Sahara çölünde gar ýagdy” diýip, Alžiriň TSA internet gazeti habar berdi. Alžiriň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Aýn-Sefra etrabyna gar düşdi. Ksur daglarynyň gerişlerinde gar üýşmekleri peýda boldy. Geçen ýyl hem Aýn-Sefranyň çäklerinde güýçli gar ýagandygy hasaba alyndy. Şonda 1979-njy ýylyň fewralyndan bäri ilkinji gezek gar ýagandygy barada habar berildi. Tomusda Aýn-Sefra etrabynda howanyň maýyllygy Selsiý boýunça 37 derejä deň bolýar. Gyş aýlary bu görkeziji 0-a golaýlaýar. Internet saýtlarynyň materiallary esasynda taýýarlanyldy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň