Türkmen ýokary okuw mekdepleri döwrebap bilim tehnologiýalaryny işjeň ulanýarlar

20:2309.01.2018
0
11058

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 6-syny birleşdiren wideomaslahat sanly okuwyň mümkinçiliklerini görkezdi. 

Magtymguly adyndaky, lukmançylyk, ynsanperwer ylymlary we ösüş, nebit we gaz uniwersitetlerinde, şeýle hem ulag we aragatnaşyk, ykdysadyýet we dolandyryş institutlarynda internet-tehnologiýalaryň we ýörite maksatnama üpjünçiliginiň goldaw bermeginde onlaýn-leksikalary geçirildi. Olary şu ýokary okuw mekdepleriniň esasy mugallymlary geçirdiler. 

Elektron okuwy – talyp ýaşlary özbaşdak okamaga hem-de pikirlenmäge höweslendirýän netijeli aragatnaşyk guralydyr. San maglumatlaryny ulanmak, öwrenmek we saklamak maglumatlaryň köp möçberdäkisini özleşdirmäge hem-de ýaşlaryň mümkinçiliklerini has doly açmaga ýardam edýär. 

Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini birleşdirýän aralykdan okatmagyň tejribesi ýokary okuw mekdepleriň elektron okuwy ornaşdyrmaga taýýardygyna şaýatlyk edýär. Munuň özi sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulandyr. Ýokary okuw mekdepleriniň innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga taýýardygyny kesgitlemek ýokary okuw mekdepleriniň arasynda guralan wideomaslahatyň esasy maksady boldy. 

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bilelikdäki wideomaslahat tamamlanandan soň, teleköpri guraldy. Ol ýerli ulgam boýunça ýokary okuw mekdebiniň maglumat tehnologiýalarynyň merkezini iki fakultetiň—ykdysadyýet we dolandyryş, energetika we inžener desgalary fakultetlerini synp otaglary bilen baglanyşdyrdy. Mugallymlar şeýle hem talyplar bilen aralykdan sapak geçdiler. 

Interaktiw tanyşdyryş çäreleriniň biri uniwersitetde hereket edýän sanly bilim ulgamyna bagyşlandy. Merkeziň hünärmenleri E-Learning ulgamynyň artykmaçlyklaryny görkezdi. Ýokayr okuw mekdebiň mugallymlary we talyplary tarapyndan döredilen programma üpjünçiligi ygytýarlynyldy. 

Wirtual treningiň barşynda mugallymlar bilen onlaýn-maslahatlaryň artykmaçlyklary hem görkezildi. Onuň barşynda talyplar içerki magulmatlar toplumynyň hyzmatyndan işjeň peýdalanýarlar. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleri elektron kitaphanalarynyň giň gaznasyna eýedir. Olar hünär taýýarlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda yzygiderli täzelenilýär hem-de möhüm bilim serişdesi bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň