Soňky habarlar

Arhiw

«Lebapnebitgazgözleg» müdirliginiň hünärmenleri Garagum çölünde geljegi uly meýdançada gözleg guýusynyň üstünlikli işlemegini alyp bardylar

18:1704.01.2018
0
5471

«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» müdirliginiň hünärmenleri Garagum çölünde geljegi uly meýdançada gözleg guýusynyň üstünlikli işlemegini alyp bardylar. Netijeli gatlak 4575 metr çyňlukda ýerleşýär. Emma, burawlaýjylar guýunyň burawlanmagyny seýsmiki barlagyň maglumatlaryna daýanyp, dowam edýärler. Çaklamalara görä, aşaky gatlaklarda hem tebigy gazyň ýerleşen bolmagy ahmal. 

«Lebapnebitgazgözleg» müdirliginiň hünärmenleri tutuş Türkmenistan boýunça uglewodorod çig malynyň gözlegini üstünlikli alyp barýarlar. Geçen ýyl ýerastynda gözleg geçirijiler Ekeremde (Balkan welaýaty) ýokary nebit akymy bolan burawlanan guýyny ulanyjylara tabşyrydylar. Müdirlik deňiz ýakasynda – Akpatlawuk, Gerçek, Uzynada meýdançalarynda, Lebap welaýatynda «Halkabat-2» we «Täjibaý» meýdançalarynda uglewodorody tapmak ugrunda gözleg işlerini alyp barýar. Şol ýerlerde geologiýagözleýjiler tebigy gazyň we kondensatyň ýatagynyň üstüni açmagy maksat edinýärler. 

Soňky ýyllarda «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň gözleg müdirlikleri buraw işleriniň tizligini hem-de hilini artdyrmaga mümkinçilik berýän ýokary öndürijilikli enjamlary ygtyýaryna aldylar. Mysal üçin, «Lebapnebitgazgözleg» müdirliginde enjamlar 80 göterime çenli täzelenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň