Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Täze ýyl haýyr-sahawat çäresini geçirdi

09:0201.01.2018
0
9811

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi köp çagaly enelere, dürli ýaşdaky maýyp adamlara, ýetim çagalara, gartaşan adamlar üçin öýlerde ýaşaýan ýaşuly adamlara, şeýle hem 80 ýaşdan ýokary bolan pensionerlere baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy.

Meýletinçiler ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen edaralara we öýlere baryp, jemi bahasy 800 müň manatdan gowrak bolan sowgatlaryň 25 müňden gowragyny gowşurdylar.

Haýyr-sahawat işleri köpasyrlyk türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ugur täze ösüşe eýe boldy. Muňa 2017-nji ýylda Haýyr-sahawat işi hakyndaky kanunyň kabul edilmegi hem nobatdaky gezek şaýatlyk edýär, ol özleri hakynda alada edilmegine mätäç bolan adamlara guramalaryň we aýry-aýry adamlaryň goldaw bermäge gönükdirilen işleriniň has netijeli bolmagyna ýardam berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň