Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Täze, 2018-nji ýyl uly dabaralar bilen garşylandy

08:2701.01.2018
0
20821

Türkmenistanlylar Täze, 2018-nji ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. Biz Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan hem-de ýatdan çykmajak köp sanly täsirler, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ägirt uly üstünlik bilen geçmegi mynasybetli ýakymly wakalar bilen aňymyzda galan 2017-nji ýyly uly abraý bilen tamamladyk.

Ministrler Kabinetiniň 29-njy dekabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylda ýerine ýetirilen işleri gysgaça jemläp, oňa oňyn baha berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, tebigy gazy iri öndüriji bolup durýan Türkmenistana häzirki çylşyrymly şertlere uýgunlaşmak we ösüş depginlerini saklamak başartdy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň senagat toplumyny köpugurly esasda ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler işjeňleşdirildi, tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze turbageçirijileri gurmak, tebigy serişdeleri özleşdirmek, ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna — telekeçilige goldaw bermek boýunça giň möçberli maksatnamalar kabul edildi.

Amala aşyrylan çäreleriň netijesinde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýurdumyzda 6,5 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar.

Bitarap Watanymyz sebitde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň berkidilmegine, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşdy we bu işleri yzygiderli dowam edýär. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçjek 2018-nji ýylda köp sanly iri wakalar garaşýar. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary, agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, “Amuldan Hazara çenli” halkara awtorallisi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlamak ýaly möhüm işler bar.

Täze, 2018-nji ýyl — it ýyly, biziň üçin bolsa Wepaly alabaýyň ýyly. Diýmek, bu ýyl tamamlanýan ýyl bilen deňeşdirilende, has bereketli we ösüşli bolar, her bir işimize abadançylyk, rowaçlyk hemra bolar diýip, milli Liderimiz belledi. “Biz üçin ähli ýollar açyk bolar, ozal görülmedik açyşlar ediler, iri taslamalar durmuşa geçiriler” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bize uly wezipeler garaşýar. Biz olary ýerine ýetirmek ugrunda ruhubelentlik bilen işläris we ol wezipeleriň milli, sebitleýin bolşy ýaly, dünýä ähmiýetli wezipeler boljakdygyny bellemeli.

Ýurdumyzyň Baş arçasynyň oturdylan ýeri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl baýramçylygynyň esasy dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Dabarany guraýjylar bu künjekde gyşky lybasa beslenen ertekilere çalymdaş şäherjigi döredipdirler. Ýöne onda ak gara derek köp öwüşginli yşyklandyryjylar, dürli bezeg serişdeleri we beýleki usullar ulanylypdyr.

Baýramçylyk agşamynda bu ýere Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, daşary ýurtlaryň biziň ýurdumyzdaky diplomatik missiýalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýar. Uly dabara we agzybirlik ýagdaýy emele gelip, baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýýar.

...«Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde bina edilen sahnada baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyrylýar. Baýramçylygy alypbaryjy ähli watandaşlarymyzyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl mynasybetli gutlag sözlerini aýdýar we döwlet Baştutanymyza bagt, jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen beýik maksatlarynda üstünlik arzuw edýär.

Soňra alypbaryjy türkmen paýtagtyny ýurdumyzyň ähli welaýat merkezleri bilen baglanyşdyrýan teleköpriniň başlanýandygyny yglan edýär.

Teleköpriniň kömegi arkaly Aşgabatda geçirilýän Täze ýyl dabaralaryna ýeke-ýekeden ýurdumyzyň welaýatlary goşulýarlar. Şu gün sebitleriň edara ediş merkezlerindäki meýdançalarda köpöwüşginli Täze ýyl baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olara welaýatlaryň estrada aýdymçylary we döredijilik toparlary hem-de köp sanly tomaşaçylar gatnaşdylar. Olaryň hatarynda hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler, ýaşlar, oba adamlary we çagalar bar.

Ilki bilen, teleköprä Ahal welaýaty goşulýar. Körpeleriň Täze ýyly wasp edýän gutlagly goşgularyndan soň, bu ýerde guralýan şanly waka mynasybetli ýörite taýýarlanan baýramçylyk konsertine orun berilýär.

Soňra teleköprüde Balkan welaýaty peýda bolýar. Deňiz ýakasyndaky sebitiň ähli ilatynyň adyndan tutuş watandaşlarymyza gutlag sözlerini aýdyp, günbatar welaýatyň wekilleri Täze ýyl mynasybetli taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryny görkezýärler.

Nobat Daşoguz welaýatyna berilýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti döredijilik dessurlaryna we zehinli artistlere baý bolmak bilen, olar gutlag sözlerinden soň, taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryny uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.

Bu ýerde guralan teleköprini Lebap welaýatynyň wekilleri dowam etdiler. Olar tutuş halkymyzy we milli Liderimizi Täze ýyl bilen gutlap, şanly waka mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly, joşgunly tansly çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Gezek Mary welaýatynyň ilatyna ýetýär. Sebitiň wekilleri goşgy setirleriniň üsti bilen Täze ýyl gutlaglaryny beýan edýärler. Soňra aýdym-sazlaryň sesi belentden ýaňlanyp, artistler we körpe ýerine ýetirijiler öz ussatlyklaryny görkezýärler.

Baýramçylyk mynasybetli guralan teleköprini paýtagtymyz — Aşgabat şäheriniň ilaty jemleýär. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançany dolduran adamlar, hormatly ýaşulular we mekdep okuwçylary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýan watandaşlarymyza gutlag sözlerini aýdýarlar we hemmeleriň arzuwynyň hasyl bolmagyny, işde uly üstünlik gazanmaklaryny arzuw edýärler. Olaryň çykyşlaryny belli artistler we tans toparlary baýramçylyga bagyşlan aýdym-sazlary bilen goldaýarlar.

Welaýatlaryň we paýtagtymyzyň ilatynyň Täze ýyl mynasybetli aýdan baýramçylyk gutlaglaryny, çykyşlaryny jemlemek bilen, dabarany alypbaryjy bu ýerde aýdylan arzuwlaryň düýp manysyny beýan edýär. Bellenilişi ýaly, goý, Türkmenistan hemişe güllesin, mähriban Watanymyzyň halkara abraýy ýyl-ýyldan belende galsyn, halkymyz bagtyýarlykda we abadançylykda ýaşasyn!

Ähli watandaşlarymyzyň adyndan ýadawsyz tagallasy we Watanymyza gulluk etmegiň nusgalyk göreldesi, öz Lideriniň daşynda jemlenen halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda 2018-nji ýylda ýurdumyzyň ýylýazgysynyň täze üstünlikler bilen has-da baýajakdygy, onuň halkara abraýynyň täze ýokary derejä çykjakdygy gürrüňsiz hakykatdyr.

Täze ýyl gijesiniň baýramçylyk maksatnamasy belli estrada aýdymçylarynyň hem-de saz sahnasynyň ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert bilen dowam etdi, olar tomaşaçylary Täze ýyla, eziz Watanymyza hem-de Arkadaga bagyşlanan döredijilikleri bilen begendirdiler. Folklorlaryň esasynda hem-de häzirki zaman äheňlerinde aýdym-tansly çykyşlar görkezildi, gadymy aýdymlar we häzirki zaman aýdymlary ýerine ýetirildi.

Tolgundyryjy pursat ýetip geldi. Bu ýerde guralan ekranlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Oguz han” köşkler toplumyndan aýdan Täze ýyl Gutlagy göni ýaýlym arkaly tutuş halkymyza ýetirildi.

Meýdança ýygnanan adamlar we teleekranlaryň öňündäki millionlarça watandaşlarymyz Arkadag Prezidentimiziň çykyşyny uly üns bilen diňlediler. Şu pursatda Garaşsyz Watanymyza, ýurdumyzyň häzirki döwrüne we nurana geljegine bolan buýsanç duýgulary ähli türkmenistanlylary has-da jebisleşdirdi.

Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylyň jemlerini jemläp, halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbidine ägirt uly işleriň geçirilendigini belledi. Köp sanly iri desgalar bina edildi, ykdysadyýetde iri möçberli özgertmeler geçirildi, saglygy goraýyş, sport, ylym we bilim täze derejä 
çykaryldy.

Biziň Garaşsyz döwletimiz geljekde hem oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ugruna eýermek bilen öňe gider diýip, milli Liderimiz Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem öz çykyşynda milli medeniýetimizi ösdürmek, gorap saklamak hem-de ruhy mirasymyzy wagyz etmek barada aýtmak bilen, ýakynda «Küştdepdi» aýdym we tans dessurymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini ýatlatdy.

Milli Liderimiz 2018-nji ýylyň şygary — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» barada aýtmak bilen, bu ýoly üçünji müňýyllykda gaýtadan dikeltmekde ýurdumyzyň möhüm ornuny, şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişlikde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da ösmegine uly goşant goşýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Täze ýylda boljak uly we ähmiýetli wakalara geçip, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy, onda biziň özygtyýarly Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk ugurlary we ýollary kesgitleniler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, 1-nji ýanwardan başlap, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp hem-de diňleýji haklarynyň möçberleriniň ýene-de 10 göterim ýokarlandyryljakdygyny nygtady. Bu syýasaty biz geljekde hem yzygiderli dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Goý, Täze, 2018-nji ýyl berkarar Watanymyz we mähriban halkymyz üçin abadançylygyň, uly üstünlikleriň, bagtyýarlygyň ýyly bolsun diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda ähli watandaşlarymyza Täze ýylda berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, agzybirlik we rysgal-bereket arzuw etdi.

Bu asylly arzuwlaryň hasyl boljakdygyna tüýs ýürekden we berk ynanjyň alamaty hökmünde 2018-nji ýylyň başlanmagyna galan sanlyja sekuntlar ähli watandaşlarymyzyň ýüreklerini tolgundyryjy umytlar bilen jebisleşdirdi. Ähli nazarlar sagat dillerine gönükýär — ine, olar 12 sanda saklandy....

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Baýramçylyk feýerwerki “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň asmanyny dürli öwüşginler bilen bezeýär. Täze ýyl gijesi garaňky asmanda uçgunlaryň nagyşlaryny emele getirip, ýalkym saçýan dürli öwüşginlere beslendi. Şeýle dabaraly pursatda türkmenistanlylar gelýän ýyl bilen iň gowy umytlaryny bagladylar, ol umytlaryň ählisi ýagşylyga we döredijilige, ertirki güne bolan ynama hyjuwlar bilen birleşdi. Täze ýyl täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açar.

2018-nji ýyl it ýylyna mahsus bolan joşgun hem aýdyňlyk bilen geldi, baýramçylyk zalplary, şatlykly gutlaglar ýaňlanyp, ählumumy joşguny alamatlandyrýar. Biz Täze ýyly açyk göwünler hem-de aýdyň umytlar bilen garşyladyk, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda iň batyrgaý hem-de uly arzuw-hyýallarymyz amala aşar!

* * *
Täze ýylyň öňüsyrasyndaky baýramçylyk agşamy köpöwüşginli dabaralara, ýürekleriň joşgunyna ulaşdy. Şeýle dabara mähriban Watanymyzyň ähli şäherlerini, obalaryny we dürli künjeklerini gurşap aldy. Seýilgählerde, konsert meýdançalarynda we açyk sahna hem-de teatr merkezlerinde guralýan aýdym-sazly çykyşlar şatlyk-şowhuna, köpöwüşginli baýramçylyk şuglalaryna beslendi.

Belent başly Täze ýyl arçalarynyň ýanynda guralýan dabaralara gatnaşýan çagalaryň şatlygyna uly adamlar hem şärik bolýarlar. Medeni-köpçülikleýin çäreler hemmelerde ýakymly duýgulary oýaryp, dabara gatnaşyjylara köp sanly täsirli wakalary eçilýär we ýagşy umyt-arzuwlaryň hasyl bolmagyna ynamy pugtalandyrýar.

Köpöwüşginli teatrlaşdyrylan çykyşlar, belli artistleriň, ýaş estrada aýdymçylarynyň, sirk artistleriniň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylýan joşgunly çykyşlar ähli halkymyz üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Şeýle hem çykyşlar we täsirli duşuşyklar ýatda galyjy wakalara beslendi.

Baýramçylyk dabaralary Aşgabadyň dürli künjeklerinde geçirildi. Paýtagtymyzyň ertekilere çalymdaş ýerlerinde döredilen konsert meýdançalaryndaky joşgunly çykyşlar onuň gaýtalanmajak gözelligi döredýän älemgoşar öwüşginli bezeg aýratynlyklary bilen utgaşdy. Şonda Wepaly alabaý olaryň baş gahrymany bolup, “Aşgabat 2017” oýunlaryndan ýeňşe bolan ynam arkaly biziň bilen bilelikde Täze ýyla gadam basdy.

Müňlerçe aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary dürli öwüşginli meýdançalarda, paýtagtymyzyň konsert merkezlerinde, teatrlarynda, dynç alyş künjeklerinde guralýan baýramçylyk çykyşlaryna goşuldylar.

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdança we paýtagtymyzyň “Ylham” seýilgähi jadylaýjy keşbe girip, bu ýerde guralýan dabaralara örän köp adamlar ýygnandylar. Belent başly Täze ýyl arçalarynyň bezegi we onuň ýanynda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler körpeleri we olaryň ene-atalaryny özüne çekýär. Täze ýyl arçalarynyň yşyklandyryjylar we beýleki serişdeler bilen bezelmegi hem-de bu ýerde dabaralaryň guralmagy bu künjekleriň köp adamly bolmagyny şertlendirdi. Baýramçylygyň baş gahrymanlary bolan Aýazbaba we Garpamyk dabara gatnaşyjylara bimöçber şatlyk eçildiler. Ertekileriň dürli gahrymanlarynyň lybasyny geýnen körpeleriň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olaryň hatarynda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň gahrymany we Täze, 2018-nji ýylyň nyşany bolan Wepalynyň şekili aýratyn saýlanýar.

Açyk asmanyň astynda guralan konsert meýdançalary Täze ýyl mynasybetli bezeg aýratynlyklaryna beslenipdir. Bu ýerde guralýan çäreler tamamlanyp barýan ýyla we bosagadan ätleýän Täze ýyla bagyşlandy. Çagalar döredijilik toparlary, meşhur estrada ýyldyzlary, tans toparlary, teatr we sirk artistleri özleriniň belent ruha beslenen aýdym-sazlary bilen mähriban Watanymyzy, onuň nurana geljegini, merdana halkymyzy wasp etdiler. Aýdym-sazlaryň üsti bilen birek-birege bagt, jan saglyk, Täze ýylda nurana arzuwlaryň hasyl bolmagy dileg edildi.

Täze ýyly garşylamak mynasybetli guralan çäreler we bu ýakymly pursatlar ulularyň we çagalaryň hakydasynda hemişelik saklanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň