Soňky habarlar

Arhiw

Astrahandakly türkmen obasynda Medeniýet öýi açyldy

13:1529.12.2017
0
6400

28-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwoložskiý raýonynyň Funtowo obasynda Medeniýet öýi açylyp, ulanylmaga berildi. Ýakynda bu ýerde Türkmneistanyň bu oblasta sowgady hökmünde umumybilim berýän orta mekdebiň binasy hem açylypdy.

2010-njy ýylyň maglumatlaryna görä, bu raýonda 1802 türkmen ýaşaýar. Bu bolsa raýonyň umumy ilatynyň 4 göteriminden gowragy diýmekdir.

Medeniýet öýüniň açylyş dabarasyna Russiýanyň Döwlet dumasynyň we käbir partiýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dabarada ýaýbaňlandyrylan konsertde ýerli ýaşaýjylaryň türkmen dilindäki çykyşlaryna-da orun berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň