Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen howa ýollary Aşgabat — Ýerewan — Frankfurt ugry boýunça ilkinji gatnawy amala aşyrdy

23:4528.12.2017
0
22198

28-nji dekabrda ir bilen Aşgabat — Ýerewan — Frankfurt — Ýerewan — Aşgabat ugry boýunça ilkinji gatnawy amala aşyran “Türkmenistan” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň howa kärhanasynyň “Boing-737-800” uçary türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gondy.

Bu halkara gatnawy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi hem-de syýahatçylygy söýýänler we işewürler üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawyny açmagyň mümkinçilikleri barada şu ýylyň awgust aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda gürrüň edildi. Eýýäm şu ýylyň sentýabr aýynda bortunda laçyn şekillendirilen “Boing” uçary bilen türkmen paýtagtyndan Ermenistanyň paýtagtyna synag gatnawy ýerine ýetirildi, indi bolsa iki şäheriň arasynda üçünji ýurduň — Germaniýanyň Frankfurt şäherine çenli baryp ýetýän yzygiderli gatnaw ýola goýuldy.

Emele gelen däbe görä hem-de howpsuz uçuşlary üpjün etmek maksady bilen, Ýerewanyň “Zwartnos” howa menzilinde düýn Aşgabatdan gelen 160 ýolagçy orunlyk uçar simwolik suw derwezesiniň aşagyndan geçirildi, soňra Ermenistanyň howa gatnawlary gullugynyň wekilleri türkmen wekiliýetini duz-çörek bilen garşyladylar.

Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky raýat awiasiýasynyň baş awiasiýa müdiriýetiniň başlygy Sergeý Awetisýan türkmen kärdeşlerini täze howa gatnawynyň açylmagy bilen gutlap, bu ugruň örän möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Bu ugurlar boýunça uçuşlar hepdede bir gezek — çarşenbe güni amala aşyrylar. Emma taraplaryň pikirine görä, bu ugur boýunça gatnamak isleýänleriň sany artsa, gatnawlaryň ýygylygyny hepdede iki gezege hem ýetirip bolar.

Erkin howa uçuşynyň hatda bäşinji derejesini peýdalanmak bilen, uçuşyň amala aşyrylmagy bu gatnawyň aýratynlygydyr, ol awiasiýa kompaniýalaryna degişli uçaryň öz ýurduna uçanda bir daşary ýurtdan başga döwlete ýolagçylaryň tölegleriniň hasabyna ýükleri hem gatnatmaga hukuk berýär. Şunda uçarlaryň gonýan ähli nokatlarynda islendik ugur boýunça petekler satylýar.

Aşgabat — Ýerewan — Frankfurt — Ýerewan — Aşgabat gatnawynyň açylmagy bilen, Türkmenistanyň milli howa gatnawlary kärhanasy Kawkaz sebiti we Günbatar Ýewropa ugry boýunça özüniň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrdy. Ýaýbaňlandyrylan gatnaw ulgamynyň kemala getirilmegi dowam edýär we ýakyn wagtda oňa täze sebit we sebitara ugurlar goşular.

Türkmen howa ugurlary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, halkara uçuşlarynyň çäklerini yzygiderli giňeldýär. Munuň özi dünýäniň belli öndürijileriniň iň täze howa tehnikalaryny getirmegiň hasabyna raýat awiasiýasynyň tehnikalar ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň köprülerini ýola goýmaga, raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmaga ýardam berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň