Kaka etrabynda döwrebap Saglyk öýi açyldy

21:1828.12.2017
0
9583

28-nji dekabrda Kaka etrabynyň Artyk obasynda täze Saglyk öýi ulanmaga berildi. Täze saglyk edarasy dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň innowasion tehnikalaryna eýedir. Onda maşgala lukmanlarynyň we hünärmenleriň, şol sanda akuşeriň, diş lukmanynyň we beýlekileriň otaglary bar. Şeýle hem bu ýerde sanjym edilýän, fiziobejeriş otaglary, barlaghana, DOTS otagy, gündiz ýatymlaýyn alynýan bejergiler otagy we beýlekiler bar.

Maşgala lukmanynyň ygtyýarynda däp bolan enjamlardan we derman serişdelerinden başga-da, göçme anyklaýyş barlaglaryny geçirmek üçin enjamlar hem göz öňünde tutulypdyr. Obada, umuman, ýurdumyzda bolşy ýaly, reproduktiw saglygy saklamaga we berkitmäge, aýallar we çagalar baradaky alada aýratyn üns berilýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmäge, onuň üstüni döwrebap bejeriş-anyklaýyş enjamlary bilen doldurmaga esasy tagallalar gönükdirilýär. Täze Saglyk öýüniň zenanlara maslahat beriş bölüminde zenanlaryň, göwreli aýallaryň saglyk ýagdaýyna baha bermegiň we ony dikeltmegiň ulgamy ornaşdyryldy.

Diş lukmanynyň otagy «Slovadent» (Slowakiýa) kompaniýasynyň öndüren rentgen enjamlaryny goşmak bilen, abzallaryň doly toplumy, şeýle hem diş salmak operasiýalaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hemme enjamlar bilen üpjün edildi.

Fiziobejeriş otagynda Italiýanyň «CA-MI S.r.l.» kärhanasynyň ingalýatory hem-de Polşanyň «UltraViol» kompaniýasynyň ultramelewşe çyralary oturdyldy. Iň täze enjamlar ýokarky dem alyş ýollarynyň, deri we süňk ulgamynyň kesellerine bejergi geçirmäge mümkinçilik berýär.

Barlaghana Belgiýanyň «Cypress Diagnostics» kompaniýasynyň öndüren binokulýar mikroskop, Koreýa Respublikasynyň «Almedicus» kompaniýasynyň seljeriji abzallary we glýukometri bilen enjamlaşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň