Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň ösüş banky Türkmenistana 950 million dollar berer

13:3628.12.2017
0
14385

Aziýanyň ösüş banky maliýe maksatnamalary, ulag ulgamy, elektroenergetika, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin 2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistana 950 million dollar berer.

AÖB Türkmenistanyň bank edaralary bilen birlikde şu ýylyň noýabr aýynda hyzmatdaşlyk barada gepleşikleri geçirdi. Bu gepleşikler ýurtda ösüşiň energetika ulgamyna bagly bolmadyk ugurlaryny hem goldamakdan ybaratdyr.

Türkmenistan 2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik energiýasyny akdyrmak bilen onuň eksportunda öňegidişlik gazanar. Bu işi amala aşyrmak üçin 150 million dollar harçlanar.

Sebitiň esasy üstaşyr-ulag geçirijileriniň biri bolmagy maksat edinýän Türkmenistan gara we demir ýollary kämilleşdirmek boýunça hem işleri güýçlendirmegi maksat edinýär. Munuň üçin 600 million dollar serişde aýrylar. AÖB-dan alynjak serişdäniň galan 200 million dollary bolsa ýurtda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge niýetleniler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň