Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Italiýa wiza meseleleri boýunça gepleşikleri geçirdi

12:4928.12.2017
0
6089

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri Italiýanyň ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Habar beriş serişdelerinde aýdylyşy ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar Italiýanyň raýatlaryna Türkmenistana gelmek üçin wiza ýeňilliklerini döretmek barada pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar iki dost halkyň migrasiýa meselelerinde hem öňegidişlikleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmenistan we Italiýa diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça däl-de, köptaraply meselelerde hem bir-birege goldaw berip gelýärler. Iki ýurduň gatnaşyklarynyň esasy düzümini bolsa ýangyç, energetika, söwda, hyzmat we aragatnaşyk ulgamlary tutýar. Italiýanyň soňky ýyllarda halkara söwdasyndaky işleri 1,5 millard dollara çenli ýetip, bu giň gerimde Türkmenistanyň mynasyp paýy bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň