Arhiw

Täze ýylyň öňüsyrasynda Aşgabatda Ýaponiýada öndürilen kiçi awtobuslar synag edilýär

10:0328.12.2017
0
9409

Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Aşgabadyň ýolagçy ulaglarynyň üsti döwrebap ýapon mikroawtobuslaryň ýene bir topary bilen ýetirildi. Has takygy, şäheriçi gatnawlar boýunça hereket etmek üçin “Toyota Hiace” kysymly 2017-nji ýylda öndürilen 14 adamlyk mikroawtobuslar baýramçylygyň öňýanynda şäheriň köçelerinde synag edilýär.

Mikroawtobuslarda sürüji we ýolagçylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulandyr. Olaryň gapylary giň açylýar, oturgyçlary bolsa örän ýumşak, kondiosener, peç bilen üpjün edilen.

Täze mikroawtobuslaryň ilkinji gatnawy Aşgabat — Änew ugry boýunça amala aşyrylýar. Her gün ýola goýlan bu gatnawyň daşyndan  olar hepdäniň çarşenbe, penşenbe we dynç alyş günlerinde şäheriň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Altyn asyr» Gündogar bazaryna hem gatnadýarlar. 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gije mikroawtobuslar «Älem» medeni dynç alyş merkezinde nobatçylykda synag ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň