Türkmenistanda gaz pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň täze maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy

02:3728.12.2017
0
8180

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň gaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksadynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy barlag institutynyň alymlary we hünärmenleri ony ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlaryny ylmy taýdan esaslandyrmak boýunça işleri geçirdiler.

Bu ylmy barlag instituty degişli barlag işleri, gazy toplumlaýyn taýýarlamak we ugratmak, gaz çykaryjy enjamlary posdan goramak, olaryň tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek işleri bilen meşgullanýar, geologiýa gözleg we buraw işlerini ylmy taýdan esaslandyrmak boýunça geotehnologik wezipeleri çözýär, dürli derejedäki çylşyrymly gaz we gaz kondensatly ýataklary işläp taýýarlamak, gazy gaýtadan işlemäge çenli dürli işlere gatnaşýar.

Alymlaryň pikirine görä, ýakyn geljekde adaty alynýan nebithimiýa önümleriniň (olefiniň, arenynyň, ahyrky birleşmeleriň) ornuna tebigy gazy işläp taýýarlamagyň tehnologiýasynyň gelmegi bilen baglylykda nebithimiýa bazarynyň düzüminde düýpli üýtgeşmeler bolup geçer. Iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy poliwinilhloridi öndürmäge, kaustik sodanyň, polistirolyň, polietilentereftalatyň we beýleki serişdeleriň önümçigini ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Gazhimiýa senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy onuň ileri tutulýan ugurlarynyň, hususan-da, sintetik suwuk ýangyç, sintetik kauçyk we süýüm, polimer önümi, gurluşyk serişdeleri ýaly energetika taýdan netijeli görnüşleriň ösdürilmegine, şeýle hem himiýa senagatynyň beýleki önümleriniň möçberiniň artdyrylmagyna itergi berer.

Şunuň bilen baglylykda pudagyň alymlarynyň we hünärmenleriniň alyp barýan işleri, hususan-da, ylmy maglumatlaryň we işläp taýýarlamalaryň bankyny döretmäge, halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmaga, öňdebaryjy dünýä tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna täze sepgitlere çykmaga gönükdiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň