Soňky habarlar

Arhiw

Annaguly MYRATDURDYÝEW, Türkmenistanyň halk artisti

12:5827.12.2017
0
12734
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen aýdym-saz sungaty ep-esli derejede kämilleşdi. Döwrüň bimöçber aladasynda döredijilik ýoluna baş goşan we onda maksatlary myrat tapan zehinleriň sany barha artýar. Eýýäm birnäçe ýyl bäri Watanymyzyň waspyny özünde jemleýän we hoşamaý aýdymlary bilen köpleriň söýgüsini gazanan, Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýew döwletimizde uly meşhurlyga eýe. Onuň sungat eserleri her bir medeni çäreleriňdir toý-bayramlaryň dowamynda öz beýanyny tapýar. Aýdymçynyň döreden aýdymlary häzirki wagtda ýaş zehinli aydymçylar tarapyndan ýerine ýetirilmegi onuň döredijilik äleminde äşgärdigini ýene bir gezek subut edýär. Annaguly Myratdurdyýewiň dury ylhamyndan kemal tapan sungat eserleri toýlary toýlara ulaşýan Diýarymyzda il-halkymyzyň bagtyýarlyk gözbaşy hasaplanylýar.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň