"Türkmenhowaýollary" gullugy ýerli we halkara gatnawlarynyň üstüni täze gatnaw bilen ýetirdi. Has takygy, Aşgabat — Ýerewan — Frankfurt — Ýerewan — Aşgabat howa gatnawy açyldy.
Täze ugur boýunça gatnawa 27-nji dekabrda badalga berler. Bu barada Ermenistanyň raýat awiasiaýsynyň merkezi edarasynyň metbugat gullugy habar berýär. Türkmen awiakompaniýasyna degişli uçar 27-nji dekabr güni ýerli wagt bilen 13:30-da Ýerewanyň "Zwartnos" howa menziline gonar.