Ahmet Atajanow:"Aýdymlarym hem bir perzendime öwrüldi"

10:1427.12.2017
0
12362
Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Türkmenistan ýurdumyzyň her bir güni bagtyýarlyga, şanly senelere, toýdur baýramlara beslenýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen bolsa, dürli medeni çäreler dowamly durmuşa geçirilýär. Ynha, ýaňy ýakynda hem Türkmenistanyň ýaş, höwesjeň aýdymçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, hem-de Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinomotografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde geçiren ,,Ýylyň parlak ýyldyzy" bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşikde T-tanyň Milli Konserwatoriyasynyň bagtyýar talyby, aýdymçy Ahmet Atajanow ýeňiji bolup, ,,Gran-p ri" bayragyna mynasyp boldy. Söhbetimizi Ahmet Atajanow bilen dowam edýäris. - Ahmet, ilki bilen sizi ýetip gelen  täze 2018-nji yyl bilen hem-de ,,Ýylyň parlak ýyldyzy-2017" bäsleşiginde gazanan uly üstünligiňiz bilen gutlaýaryn. Mümkin bolsa, özüňiz barada gysgaça aýdaýsaňyz. - Sag boluň. Men bu gazanan üstünligimi Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar babatynda edýän tagallalarynyň miwesi hökmünde düşündiresim gelýär. Men Ahal welayatynyň Altyn asyr etrabynda 1988-nji yylda dünýä indim. Maşgalada 4 doganyň ulusy. Öz maşgalam barada aýtsam bolsa, 2009-njy ýylda, ýagny Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň talyby wagtym durmuş gurdum. Häzir Serdar, Didar atly oguljyklarym bar. - Tüweleme, sizde döredijilige, aýdym-saza bolan höwesiň, söýginiň döremegine näme sebäp boldy? - Meniň çagalykdan bäri hem aýdym-saza bolan söýgim çäksiz. Çagalykda mydama hindi kinolaryny görerdim, hindi medeniyeti bilen tanyşardym ,esasan, hindi aydymlaryny diňlemegi halardym. Döredijilige baş goşamda hem türkmen aýdym-saz sungatynyň beýik halypalarynyň döreden eserleri bilen bir hatarda, hindi aydymlary ruhy sütünime öwrüldi. Aýdym-saz dünýäsiniň içine şeýle bir aralaşypdyryn welin, hat-da olar bir perzendime öwrüldi diýsemem ýalňyşmaryn. - Elbetde, hindi medeniýeti, olaryň döredijiligi dünýewi häsiýete eýe bolup duryar. Mälim bolşy ýaly, bäsleşikde 1-nji ýerine ýetiren aydymyňyz ,,Nurana" bolup, ikinji bolsa, hindi aýdymydy. Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde hindi aýdym -sazlarynyň siziň döredijiligiňizdäki orny barada hem aýdaýsaňyz. - Häzirki wagtda halk köpçüligine ýetirýän aýdymlarymyň sazy hindi sazlaryna çalymdaş sazlardan düzülýär. Çünki, öz sesimiň belentligi hem hindi aýdymlarynyň tempine gabat gelýär. Geljekde-de, birnäçe aýdymlary döredip, halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy elmydama begendirip durarys. - Ahmet, sapaly söhbet üçin minnetdar! Maksatlaryňyz myrat tapsyn! Size mundan-da beýläk uly üstünlikler ýar bolsun! - Sag boluň!
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň