Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny ösdürmek meselelerine bagylanan maslahat geçirildi

23:4526.12.2017
0
5134

Adalat köşgünde “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli guraldy.

Maslahata daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri, ministrlikleriň we pudak edaralaryň hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatyň temasynyň derwaýyslygy erkin bazar gatnaşyklarynyň mundan beýläkki ösüşi bilen baglylykda raýatlaryň we ýuridik şahslaryň hukuk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagy we ykdysadyýet, durmuş ulgamlaryna maýa goýumlaryň möçberiniň barha artmagy bilen baglanyşyklydyr.

Maslahatda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili adam hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleri hem-de milli tejribäniň we halkara kadalarynyň sazlaşygy meseleleri boýunça çykyş etdi. Soňky ýyllarda ýaş alymlaryň demokratiýa we hukuk babatda ylmy barlaglara gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigi nygtaldy.

Ýygnananlar hukuk terbiýesiniň we hukuk medeniýetiniň ähmiýetini, şeýle hem raýatlaryň Esasy Kanunymyzda beýan edilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmeginde döwlet edaralarynyň orny barada belläp geçdiler. Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli hukuk ulgamynyň berk we şol bir wagtda çeýe binýady bolmak bilen ägirt uly mümkinçilige eýedir. Esasy Kanun ýurduň durnuklygyny hem-de syýasy, durmuş, ykdysady ösüşiniň depginini üpjün etmäge gönükdirilendir. Konstitusion ýörelgeler häzirkizaman hukuk döwletiniň, onuň institutlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we her bir raýatynyň işinde wajyp orun tutýar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler we duşuşygyň ýokary derejede geçirilmegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirdiler. Ýüzlenmede döwlet Baştutanymyza hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň