Saýlawlara taýýarlanmagyň barşynda saýlaw toparlary döredilip başlandy

23:2126.12.2017
0
4221

Şu günler ýurdumyzda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeklige guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, okrug we Geňeşlik saýlaw toparlaryny döretmek işleri işjeň ýagdaýda dowam edýär.

Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň jemi 240-sy: şol sanda welaýatlaryň her birinde we Aşgabat şäherinde 40 saýlaw okrugy döredildi

Şeýle hemme etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça etraplaryň we şäherleriň her birinde 20, jemi 1260 saýlaw okrugy; şol sanda Ahal welaýatynda 180, Balkan welaýatynda 260, Daşoguz welaýatynda 220, Lebap welaýatynda 220, Mary welaýatynda 260 okrug, Aşgabat şäherinde bolsa saýlaw okruglarynyň 120-si döredildi we olaryň araçäkleri kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň