Jeýhun Agatagiýew halkara tans bäsleşiginde dördünji orna mynasyp boldy

11:5026.12.2017
0
10539

Türkmenistanly Jeýhun Agatagiýew Russiýanyň NTW teleýaýlymy hem-de Sputnik radiosy tarapyndan geçirilen "Sen ajaýyp! Tanslar" bäsleşiginde 4-nji orna mynasyp boldy. Jemi 142 wekiliň gatnaşmagynda geçirilen bäselşigiň jemleýji tapgyryna 10 tansçy galdy. Bäsleşikde birinji orna Weleriýa Rodionowa, ikinji orna Wiktor Lukin, üçünji orna Muhammet Kurbanow bilen Nikita Iwanow mynasyp boldy. Jeýhun Agatagiýew bolsa dördünji orny Alina Denisowa bilen paýlaşdy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmenistanly tansçy ýarym finalda Alina Denisowa bilen birlikde çykyş edipdi.

Bu bäsleşik Russiýadan, GDA döwletlerinden we Baltika ýurtlaryndan bolan ata-enesiz galan ýaşlaryň we çagalaryň arasynda geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň