Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi

09:3326.12.2017
0
5265

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly ylmy-amaly maslahatyň açylmagy hem-de ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Biziň ýurdumyz döwletlilik, kanunyň hökmürowanlygy we milli demokratik ýörelgelerden ugur alyp, döwlet, jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklaryny, raýat jemgyýetini ösdürýär. Kanuna esaslanýan gatnaşyklar hemmeleriň jogapkärçiligine we kanunyň talaplaryny berjaý etmegi borç edinýändiklerine daýanýar. Şeýlelikde, gurujylyk, döredijilik Türkmenistan döwletiniň baş ýörelgesi bolup durýar. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti adama iň ýokary gymmatlyk hökmünde garaýar.

2007-nji ýylyň 26-njy dekabrynda döredilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyna 10 ýyl doldy. Geçen döwrüň dowamynda institut milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykly ösmegine, ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň kämilleşmegine gönükdirilen işleri alyp barmak bilen, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça seljermeleriň geçirilmegine mynasyp goşant goşdy.

Institut bu işleri Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Adalat ministrligi hem-de beýleki döwlet dolandyryş we hukuk goraýjy edaralary bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirýär. Institut seljermäge iberilýän hukuk namalarynyň taslamalaryna ylmy netijenamalary işläp düzmäge, şeýle hem döwlet we hukuk öwreniş boýunça okuw kitaplaryny, gollanmalaryny we ylmy ýygyndylary çapa taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.

Institutyň işgärleri ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda ylmy-amaly makalalar bilen çykyş edýärler. Teleradio ýaýlymlarda Bitarap döwletimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny wagyz edýärler.

Halk häkimiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan demokratik däpleri döwlet gurluşynyň sazlaşygyny kesgitlemek bilen, biziň ýurdumyzyň durnukly ösüşine milli özboluşlylyk berýär. Halkymyzyň toplan tejribesini beýan edýän ynsanperwer gymmatlyklary jemgyýetiň pugtalandyryjy düzümi bolup durýar. Bu asylly däplerde türkmen döwletliliginiň gözbaşynda durýan çuňňur ynsanperwerlik, döwletiň we raýatlaryň jebisligi, agzybirligi, hyzmatdaşlyk hereketleri öz beýanyny tapýar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzasy bolmak bilen, adam hukuklary babatda halkara konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň we şertnamalaryň esasylaryna goşuldy. Dünýä bileleşigi tarapyndan tassyklanan resminamalara laýyklykda öz borçnamalaryna berk eýerip, milli kanunçylyga we tejribä umumy ykrar edilen halkara kadalary yzygiderli ornaşdyrýar.

Şu nukdaýnazardan, döwletlilik ýörelgelerini, jemgyýetiň ösüş ugurlaryny ylmy esasda seljermek, adamlaryň aň-düşünjeliligini we başarnygyny, adam hukuklaryny, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň ahlak we hukuk ugurlary boýunça ylmy işleri alyp barmak möhüm wezipeler bolup durýar. «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet Maksatnamasynda» adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşmeleri tarapyndan alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmegiň, halkara hukugyň kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmagyň we hukuk ulanyş tejribesinde durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi. Şonuň bilen birlikde, milli hukuk ulgamynda ylmy seljermeleriň döwrebap ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işleriň geçirilmegine ýaş alymlaryň işjeň gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellenmäge mynasyp.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň BMG-niň durnukly ösüş maksatnamalary bilen sazlaşykly utgaşmagy, ýurdumyzda adam hukuklarynyň üpjün edilmegi netijesinde, her bir adamyň beden taýdan sagdyn, ruhy we ahlak taýdan kämil ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi dünýäde durnuklylygy üpjün etmekde Bitaraplygyň ornunyň ählumumy ykrarnamasy boldy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň döredijilik häsiýeti we onuň esasyny düzýän ýörelgeleri döwletimiziň köpugurly diplomatiýasynda aýdyň beýanyny tapýar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly ylmy-amaly maslahatyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we ynsanperwer syýasatyny dünýä ýaýmakda ýene-de bir möhüm waka boljakdygyna ynanýaryn.

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy hem-de şu şanly sene mynasybetli geçirilýän ylmy-amaly maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan işleriňiziň rowaç bolmagyny arzuw edýärin - diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda aýdylýar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň