Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti "Mizan" täjirçilik merkezinde geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy

23:0324.12.2017
0
7803

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli “Mizan” işewürlik merkezinde guralan dabara gatnaşdy.

Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň,  harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak  edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, daşary  döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, görnükli medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we beýlekiler ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň hemmesini ýetip gelýän Täze ýyl bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de tamamlanyp barýan 2017-nji ýylyň beýik üstünlikleriň döwri bolandygyny, Türkmenistanyň milli özgertmeler strategiýasynyň we ählumumy parahatçylyk, abadançylyk we ösüş ugrunda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasy ugrunyň üstünlige getirýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň ählisine bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, ata Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Türkmen halky häzirki döwürdäki ägirt uly gazanylanlary hormatly Prezidentimiziň ady bilen baglanyşdyrýar, milli Liderimiziň adyna baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlaryň adyndan Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglary beýan edilip, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ähli asylly başlangyçlarynda üstünlikler arzuw edildi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda özgertmeler geçirilýär. Toplumlaýyn çäreleriň maksadalaýyk ýerine ýetirilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän önümçilik, durmuş we inženerçilik-tehnologiki düzümleriň yzygiderli ösdürilmegi dowam edýär.

Türkmenistan parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde halkara derejesinde oňyn bitaraplyk syýasatyny yzygiderli amala aşyryp, dünýäniň döwletleri bilen gatnaşyklaryny özara hormat goýmak esasynda ýola goýmaga çalyşýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistana Milletler Bilelşigi tarapyndan berlen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi, ilkinji nobatda, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen tassyklanyldy.

Häzirki günde biziň Bitarap Watanymyz dünýä bileleşiginiň bu Kararnamasyny öz esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir. Türkmenistan bu taryhy resminama aýratyn ähmiýet berip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň esasy düzgünlerini öz Konstitusiýasynda anyk kesgitledi. Hemişelik Bitaraplyk Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esas goýujy doktrinasy bolup durýar.

Türkmenistan oňyn bitaraplygyň esasy ýörelgelerini goldanmak bilen, diňe bir mähriban halkymyzyň bähbitlerine däl-de, eýsem, Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbitleri üçin hem daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi hem ähmiýetli waka boldy.

Bu ýere ýygnananlaryň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda beýik üstünliklere, tamamlanyp barýan ýyl milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ösüşiň, parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen döwleti üçin aýratyn ähmiýetli boldy.

“Mizan” işewürlik merkezindäki geçirilen dabaranyň barşynda sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp Täze ýyl çykyşlary ýaýbaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň