Soňky habarlar

Arhiw

Piter TORSEN, dirižýor. (Amerikanyň Birleşen Ştatlary)

12:0624.12.2017
0
2999
Piter Torsen - ABŞ -dan gelen aýdym -saz toparynyň dirižýory. Häzirki wagtda ol Amerikada saz sungatyndan talyplara, okuwçylara-da sapak berýär. Onuň üçin ýaşlar bilen, ýagny saza höwesli ýetginjekler bilen işleşmek has gyzykly. Çünki ol her bir ýaşlaryň zehinini ýüze çykaryp, özünde bar bolan ylmy, tejribäni saz dünýäsiniň uçgunjyklaryna paýlap, olaryň hersiniň öz ýoluny tapmaklaryndan lezzet alýar. Ynha, hakyky saz läheňiniň keşbi! - Türkmenistan diýlende ilki bilen ak mermere bürenen şäherler, türkmen halky diýlende - myhmansöýerlik, türkmen sungaty diýlende - milli sazlar göz öňüme gelýär. Çünki men bu ýerde ilkinji gezek däl, halkyň medeniýetine, sungatyna näbelet bolar ýaly. Ilki-ilkiler gelenimde bu ýurduň artykmaçlyklary aňymda galyp, wagtyň geçmegi bilen göz öňümde portretini döretdi. Bu günki gün hem Türkmenistanyň Milli Konserwatoriýasynyň talyplary bilen çykyş etmeklik bize miýesser etdi . Türkmen ýaşlary juda talantly, hem-de höwesli. Men muny olaryň her bir sazy ýerine ýetirişlerinde duýdum. Amerikan sazlarydyr aýdymlaryny hem aňsatlyk bilen öwrendiler. Bize-de türkmen "Küştdepdi" sazyny ýerine ýetirmeklik gyzykly boldy. Tiz wagtdan öz ata watanymyza dolanýarys. Ýöne biz ýanymyz bilen Türkmenistany hem "alyp barýarys". Sowgat berlen ýadygärlik heýkeljikleri bize elmydama bu güneşli ülkäni ýatladar durar!
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň