Türkmenistanyň Prezidenti pakistanly kärdeşini TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy

23:5823.12.2017
0
5254

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler hem-de olary giňeltmäge taýýardyklanyny tassykladylar. Syýasy ulgamda döwletara gatnaşyklary barada aýtmak bilen, söhbetdeşler häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça, hususan-da, parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde, durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmakda iki dostlukly ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow pakistanly kärdeşini fewral aýynyň ikinji ýarymynda geçiriljek çärelere—Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, şu ugur boýunça optika-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak, şeýle hem Türkmenistanyň öz hasabyna, maddy-enjamlaýyn serişdeleriniň we işgärleriniň hasabyna gurýan Serhetabat-Turgundy demir ýoluny işe girizmek mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Mamnun Huseýn çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, sebitiň durnukly ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan çärelere gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Pakistanyň energetika ulgamynda, şol sanda elektrik energiýasyny we gazy ibermek babatda Türkmenistan bilen özara gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy, munuň özi ýurduň energiýa serişdelerine bolan islegi bilen şertlendirilendir. Dostlukly döwletiň Baştutany TOPH transmilli gazgeçirijisiniň gurulmagynyň ähli ugurlarda – diňe sebitde däl-de, eýsem, dünýä derejesinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi.

Söhbetdeşler hökümetara ylalaşyklaryny amala aşyrmagyň barşyna oňyn baha berip, häzirki ýagdaýlary hem-de geljek üçin döwri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýylyň dolandygyny belläp, döwlet Baştutanlary geljekde hem Türkmenistan we Pakistan üçin ileri tutulýan ugurlarda tagallalary birleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň