2018-nji ýylyň çärelereniň maksatnamasy we nyşanlary işlenip taýýarlanyldy

08:1723.12.2017
0
12935

22-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer A.Garajaýew geljek ýylyň “Türkmenistan –Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasynyň taslamasyny, şeýle hem 2018-nji ýylyň nyşanyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu şygar türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerini çuňňur öwrenmek we dünýäde wagyz etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeň häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer.

Maksatnama laýyklykda, 2018-nji ýylyň dowamynda maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-saz dabaralaryny we bu rowaýata öwrulen ýoluň taryhy bilen göni baglanyşygy bolan ýerlerdäki döwlet taryhy-medeni goraghanalarynda arheologik tapyndylaryň sergisini geçirmek we döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda beýan edilýän maglumatlar hakynda duşuşyk guramak meýilleşdirildi.

Wise-premýer şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna 2018-nji ýylyň nyşanlarynyň taslamalaryny hödürledi, olarda Türkmenistanyň parahatçylygyň, milletimiziň ruhy ösüşiniň ýolunda örän baý milli mirasy we ýeten sepgitleri öz çeper beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de degişli maksatnamany we nyşanlaryny tassyklap, milletiň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, ony giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Biz ýaşlarymyzyň şöhratly pederlerimiziň watansöýüjilik däpleri esasynda terbiýelenmegi, halkymyzyň täsin mirasynyň geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalary etmelidiris diýip, milli Liderimiz belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň