Türkmenistanyň balykçylyk pudagy önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrýar

07:5923.12.2017
0
14385

Ýurdumyzyň içerki bazarynda azyk bolçulygyny saklamak, ilatymyzy balyk önümleri bilen durnukly üpjün etmek, şeýle hem balyk serişdelerini saklamak we öndürmek maksady bilen bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Häzirki wagtda “Ahalbalyk” döwlet kärhanasynyň Altyn asyr (610,9 gektar) hem-de Ak bugdaý (737,4 gektar) etraplarynda, şeýle hem Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda (76 gektar) ýerleşen emeli suw hodanlarynda arassalaýyş we abatlaýyş işleri geçirilýär. Häzirki wagtda bu işler umumy meýdany 831 gektara deň bolan desgalarda tamamlandy.

Ösdürilýän balyklary ýokary hilli ösümlik iými bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär, munuň üçin Altyn asyr etrabynda balyk hojalygynyň çäginde umumy meýdan 70 gektar bolan ýerlere arpa we ýorunja ekildi.

Kärhananyň inkubator bölümlerinde sagdyn ýaş balyklary ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite saklanylýan balyklaryň işbilinden liçinkalary almak boýunça ýokary netije gazanyldy. Bu kärhanada esasan zagara, uçar hem-de ak we ala tüňňimaňlaý görnüşli balyklar ösdürilip ýetişdirilýär.

Welaýat merkezlerinde we etraplarda açylan söwda nokatlary ilaty balyk önümleri bilen üpjün edýär, özi-de, janly balyk ýöriteleşdirilen awtoulaglarda ilatymyzda elýeterli bahalardan ýerlenilýär.

Şu ýylyň 11 aýynda jemi 1300 tonna balyk we balyk önümleri ýurdumyzyň ilatyna ýerlenildi, şol sanda azyk pudagynyň ýöriteleşdirilen kärhanalaryna 500 tonnadan gowrak balyk ugradyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň